logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar
  07.08.2023
932
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar

  «Kerem islärin»

«Owwal başda Kadyr Alla,
Senden bir kerem islärin».
Berseň köňle jaý bir perzent,
Kalpdan, megerem islärin.
 
Ýazgydym agyrmy çenden,
«Hezl etmedim dünýe senden»,
Otuz bäş ýaş ötdi menden,
Gadyrdan perzent islärin.
 
Bolmak üçin arslan ýürek,
Hemem  ömrüme janserek,
Gidemden soň maňa derek,
Nesil, dowamat islärin.

Çaga görsem bolup maýyl,
Kysmatyma däl men kaýyl,
Öwlatlyk bolsa-da saýyl,
Göwne jigerbent  islärin.

Ömri otuz bäş gädeli,
«Taňry bermese, nädeli»,
Umytly gadam ädeli,
Garagöz öwlat islärin.

Kalbymyň mydama zary,
Höwesi hem intizary,
Göwni ýarym bolmaz ýaly,
Eýjejik bala islärin.

Çagasyz örmezlik üçin,
Kemsinip ýörmezlik üçin,
Kem güni görmezlik üçin,
Bir ajap perzent islärin.

Тoýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy