logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy - edebiýatyň göwher gaşy
  22.12.2023
907
Magtymguly Pyragy - edebiýatyň göwher gaşy

Özüniň baý döredijilik mirasy bilen adamzat kalbynda mizemez orun alan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna häzirki günlerden ýokary taýýarlyk görülýär. Bu ugurda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagy öz gezeginde türkmen halkynyň edebi mirasyna, akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymdan gelýän medeni mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň şertler döredilen. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň edebi eserleri dünýä ýüzünde has-da uly meşhurlyga eýedir. Nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä belli alymlaryň ylmy işlerinde ýaýbaňlandyrylmagy beýik söz ussadyna berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. 

 

 

Pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana döredijilik mirasy bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan dana Pyragy bütin dünýäde sarpalanýan akyldar şahyr. Ol parasatly pikirlerini çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan edip, ynsan kalplarynda baky orun aldy. Beýik akyldaryň çuňňur mazmunly eserlerini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Daýanç BALLADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.