logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy - adamzat kalbynyň şahyry
  18.12.2023
845
Magtymguly Pyragy - adamzat kalbynyň şahyry

Türkmen halkynyň beýik ogly, dana şahyr Magymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy bolup, döwrümize ýalkym saçýar. Şahyryň döredijiliginde durmuşyň dürli ugurlaryna dahylly köp sanly möhüm meseleler gozgalýar. Şolaryň içinde tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşmek ýaly ynsanperwer pikirlerdir öwüt-ündewler uly orun eýeleýär. Ynsanyň mukaddes öýi bolan tebigat beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserlerinde esasy aýratynlyklaryň biridir.

 

 

Şahyr goşgularynda tebigatyň täsinlikleri, onda bolup geçýän hadysalar arkaly köp many öwüşginlerini beripdir. Tebigatyň ynsanyň durmuşyna edýän täsirini şahyr şeýle setirleriň üsti bilen çeper suratlandyrýar:

 

 

Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, dolsa çaýlara baran,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň.

 

 

Şygyrdan mälim boluşy ýaly, şahyryň dogduk mekany, ýaşan ýerleri tebigat gözelliklerine, türkmen topragynyň rysgal-berekedine, sowuk suwly çemeleriň bulagyna baý bolupdyr. Akyldar şahyryň gaýtalanmajak zehininiň has-da zyýada bolmagyna onuň dünýä inen ýeriniň dagyny, düzüni, derýalaryny, derelerini, sährasyny, jülgelerini, baý haýwanat we ösümlik dünýäsini düzýän özboluşly tebigy aýratynlyklary juda uly täsir edipdir. Şahyr türkmen topragynyň, onuň jadyly tebigatynyň beýik waspçysydyr.

 

 

Döwletgeldi ARAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.