logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /«Magtymguly, diýip adym tutsalar»..
  07.06.2023
1088
«Magtymguly, diýip adym tutsalar»..

Dürdäne şygyrlary bilen kalplarda orun alan Magtymguly Pyragynyň dünýä halklarynyň arasynda hem sarpasy belentdir. Geçen ýyl Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi hem bu sözlerimizi doly tassyklaýar. Dünýä halklary Magtymguly Pyraga dana şahyr hökmünde ýokary baha berýär.

Özbegistanly, täjigistanly, türkiýeli, russiýaly, gyrgyzystanly, azerbaýjanly, moldowaly sungat ussatlary şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary mahalynda bu dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda 540 orunlyk orta mekdebiň düýbüniň tutulandygy hem örän buýsandyryjydyr. Akyldar şahyrymyzyň adyny göterjek mekdebi türkmen we täjik halklarynyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostana gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany hökmünde geljek ýylda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle oňyn mysallary näçe getirseň getiribermeli. Çünki Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem beýik şahyrydyr we akyldarydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň önüp-ösen etrabyna, ýurdumyzdaky baýry ýokary okuw mekdebine, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna, ýurdumyzyň ýaşlaryny birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasyna, döwlet sylaglaryna, teatra, şaýollara we köçelere Magtymgulynyň adynyň dakylmagy, paýtagtymyzda şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy dana şahyry tirsegine galdyryp, onuň kalplara inçelik bilen aralaşyp, hakydalarda ebedilik orun alan gaýtalanmajak mirasy üçin nesilleriň baky minnetdarlygyny görkezýär.

Häzirki döwürde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumy dana şahyryň hormatyna ýurdumyzda bina edilen desgalaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Köpetdagyň etegindäki belentlikde howalanyp görünýän bu toplum döredijiligine ýüzlerçe ýyllar geçse-de, häzirki wagtda-da tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň ajaýyp zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanyna öwrülip, bagy-bossanlyga beslener. 

 

Jennet ŞAMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.