logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Technology /Maglumat geçiriş rekordy: sekuntda 1,84 petabaýt!
  21.12.2022
690
Maglumat geçiriş rekordy: sekuntda 1,84 petabaýt!

Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň we Şwesiýanyň Chalmers Tehnologiýa uniwersitetiniň gözleg topary maglumatlary geçirmek boýunça täze rekord goýdy.

Geçen ýylyň iýun aýynda Ýaponiýanyň Milli Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalar Institutynyň (NCIT) gözleg topary sekuntda 1,02 petabaýt (takmynan 1024 terabaýt ýa-da 1 milliard megabaýt) maglumat geçiriş tizligine ýetip, rekord goýupdy.

Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň we Şwesiýanyň Chalmers Tehnologiýa uniwersitetiniň gözleg topary Ýaponiýanyň rekordyny täzelemegi başardy.

Gözleg topary bir lazer we ýekeje optiki çip ulanyp, sekuntda 1.84 petabaýt maglumatlary geçirmegi başardy. Bu görkeziji, umumy internet trafiginiň sekuntda maglumat geçiriş tizliginden iki esse ýokarydyr.

Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň professory - Leif Katsuo Oxenlowe: «Maglumat merkezlerinde saklanylýan, energiýa sarp edýän we ýylylyk öndürýän ýüzlerçe müň lazeriň ornuny tutmak üçin täze çözgüt hödürleýäris!» - diýip belläp geçdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, ýakyn ýyllarda ýokary tizlikli internet birikmelerine uly zerurlyk bar. Köp alymlar şeýle dowam etse, global internet infrastrukturasynyň birnäçe ýyldan çöküp biljekdigini aýdýarlar. 

 

Röwşen BATYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.