logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Nature /Landşaftlary goramak meseleleri
  21.10.2023
1130
Landşaftlary goramak meseleleri

Landşaft gabygyny goramak dürli görnüşde amala aşyrylyp bilner. Olaryň iň esasylary aşakdakylardyr: tebigatyň tipik ýerlerini özüniň tebigy ýagdaýynda saklamak üçin goraghanalary, rezerwatlary döretmek, käbir tebigy obýektleriň, milli seýilgähleriň esasynda çäkli goraghana döretmek, täsin tebigy obýektleri (şaglawuk, dag gowaklary, gaýalar, gojaman agaçlar, dere, çeşme we beýlekiler) hasaba almak, antropogen landşaftlary rekultiwasiýa etmek we beýlekiler. Landşaftyň elementleri adamyň ýaşaýan gurşawy hasaplanýar, şonuň üçin hem ony ýaramaz üýtgemelerden we hapalanmalardan goramalydyr. Landşaftlary goramak diýlende biz onuň komponentlerini mümkin boldugyça arassa saklamak, ondaky deňagramlylygyň bozulmagyna ýol bermezlik, tebigatyň tipik we täsin ýerlerini tebigy ýagdaýynda saklamak ýalylara düşünýäris. Landşaftlaryň bitewi komponentlerini goramakda goraghanalaryň ähmiýeti örän uludyr.

 


Goraghanalar - bu tebigat etalony bolup, tebigaty goramakda birnäçe wezipeleri amala aşyrýar. Goraghanalary döretmek arkaly belli bir ýeriň ýa-da geografik zonanyň tebigatynyň (ähli toplumlary bilen bilelikde) görnüşi tebigy ýagdaýynda geljekki nesil üçin gorap saklanylýar. Goraghana - bu tebigatyň düzüm bölegi hökmünde tebigatyň toplumlary oňat saklanan meýdanlar bolup, onda tebigy - çäk toplumlaryň ösüş kanunalaýyklyklary, özara arabaglanşygy, organizm bilen gurşawyň arasyndaky gatnaşyklary ylmy taýdan öwrenilýän tebigy tejribehanadyr. Bu tebigy tejribehanada alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijesinde, adamyň hojalyk işjeňligi zerarly özleşdirilen ýerlerde ýüze çykan otrisatel we položitel üýtgemeler bilen deňeşdirip, ylmy çaklamalar berilýär. Goraghanalar sany azalýan ösümlik we haýwan görnüşlerini goramakda we köpeltmekde örän uly ähmiýete eýedir.

 


Goraghanalarda sany azalýan haýwan ýa-da ösümlik görnüşleri köpeldilip, beýleki ýerlere göçürilýär. Meselem, Bathyz goraghanasynda köpeldilýän towşanlar ýurdumyzyň beýleki sebitlerine goýberilýär. Goraghanalar ýabany haýwanlary saklamakda, olary köpeltmekde hem ähmiýetlidir. Şeýle-de, goraghanalar tebigatyň täsin, gözel ýerlerini (gowaklar, gaýa, gadymy şaglawuk, geýzer, çeşmeler ş.m.) tebigy ýagdaýynda saklap galmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Goraghanalaryň medeni we estetik taýdan hem ähmiýeti uludyr. Goraghanalar arkaly tebigatyň täsin ýerleri halk köpçüligine açyp görkezilýär we tebigaty goramagyň zerurlygy wagyz edilýär. Goraghana üçin bölünip berlen ýerler tebigy landşaftlaryň owadanlygy bilen adamlaryň medeni dynç alýan ýeri hökmünde hem ähmiýetlidir.

 


Arslan DURDYÝEW,


Türkmen oba hojalyk institutynyň


Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň


3-nji ýyl talyby.