logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Kuwwat Çaryguliýewe we Döwletgeldi Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakyldy
  22.12.2022
1360
Kuwwat Çaryguliýewe we Döwletgeldi Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, şeýle-de ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletiň we halkyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.