Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Kürte dokamak sungaty
  03.03.2023
837
Kürte dokamak sungaty

Kürteler durmuşa çykýan gyzyň esasy toý eşikleriniň biri bolup, ol gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik döwrüniň arasyny birikdirýär. Çeper elli zenanlaryň iňňäni ýerbe-ýer sanjyp, sünnäläp çekýän keşdelerinden döreýän ajaýyp nagyşlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän gyzyl kürtäni toý tutýan gyz ejesiniň öýünden gaýynlaryna atynyp gidýär. Zenan kalbynyň syrly nagyşlaryndan bezelen kürteler öwşün atýan älemgoşar ýaly owadan. Aklyňy haýran edýän täsin kürteleriň täsirinden çykmak welin aňsat-aňsat başardaýanok. Şol owadan kürteleri taýýarlamak hem aňsat iş däl.

Kürtä başlananda sähetli gün saýlanylyp, «Baş atana bagt getirsin» diýlip ýagşy dilegler edilýär. Kürte keteni matadan taýýarlanýar. Keteni arassa pile ýüpeginden dokalýar. Ketenileriň reňklerine görä ulanylyş düzgüni hem bar. Kürte biçiljek keteni bir arçyn, ýagny 8 metr bolmaly. Boýy 2 m. 40 sm. alynýar, ini 20 sm inlilikde bolmaly. Keşdäni arassa pile ýüpeginiň işilen üç-dört gatyndan edýärler. Bu iş soňlanansoň, keşdelenen kürte bölekleri ýerli-ýerinde goýlup birikdirilýär. Soňra kürte bitewüligine-de içliklenilýär. Kürtäniň gyralaryna jähek çalnyp kebşirlenýär. Jähekleri pugtap, has-da görke getirýärler. In soňky iş, ýagny aýlanýan aldymgaçlaram kürtä az gelşik berenok. Kürte atynylan wagty ýeňleriň ýerli-ýerinde owadan durmagy üçin aýratyn bölejikden «aragerbi» edilýär. «Aragerbi» hem owadan nagyşlardan keşdelenip doňdurylýar.

Kürtelerde ulanylan reňkleriň ählisi biziň türkmen tebigatymyzdan alnan reňklerden bolup, olaryň nagyşlary sünnäläp edilýär. Türkmen gelin gyzlary ýaşlykdan başlap özleriniň geýjek egin-eşiklerini, geýim-lybaslaryny öz elleri bilen ýerine ýetiripdirler. Her bir durmuşa çykjak gyz özüniň bukjasyny öz eli bilen ýerine ýetirmek däp dessury häzire çenli dowam edip gelýär.

Biz bu el işleri öwrenmekde we ýerine ýetirmekde, türkmen halkynyň käbesi, ýagny  Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz baldyzy üçin niýetläp eden kürtesi biziň her birimizi şeýle ajaýyp el işlerini etmekde sungat mekdebi bolup durýar. Onda çeper elli käbämiziň çeken irginsiz zähmetiniň miwesi ýatyr. Ogulabat ejäniň ussatlygyndan dörän bu kürte hiç bir adamy biparh goýmaýar. 

 

Gözel KULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.