logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Künji ýagynyň peýdasy
  19.08.2022
2804
Künji ýagynyň peýdasy

Künji ýagy - ilkinji gezek Müsür  faraonlarynyň döwründe tebipler tarapyndan ulanylan gadymy bejeriş serişdesidir. Miladydan öňki XVI asyrda  künji ýagyny almak pikiri Müsüriň iň güýçli tebiplerinden gelip çykandyr. Künji ýagy häzirki wagtda gündogar lukmanlary tarapyndan üstünlikli ulanylýar. Onuň tohumy diňe bir dermanlyk üçin ulanylman, eýsem aşpezlik aýratynlyklaryna hem eýedir. Künjiniň tohumlary uzak wagtlap saklananda hem okislenmeýär. Ýöne adatça onuň tohumlary bir ýyldan köp wagt saklanmaýar.

 

 

Künji ýagynyň düzümini esasy düzüjiler lignanlardyr ( sesamin, sesamol we sesamolin). Ýeri gelende aýtsak, künji ýagynyň bir bölegi bolan lignanlaryň esasy artykmaçlygy, olaryň esterogen işjeňliginiň bolmagy, şeýle hem rak öýjüklerine garşy göreşmek ukybydyr. Ony köp peýdalanýan adamlarda döş, köpeliş organlarynda näsazlyklar döremeýär, sowuklama kesellerinden halas edýär. Mundan başga-da soňky döwürlerde  künji ýagynyň melanomany öz içine alýan islendik rak keselini bejermäge kömek edýändigini anykladylar.

 

 

Künji ýagy bedende lipid alyş-çalşygyny amala aşyrýar. Netijede bedeniň agramyna göniden-göni täsir edýär.

 

 

Künji ýagynyň az mukdary hem garmon alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Göwrelilik we laktasiýa döwründe bedeniň ösümlik ýagyna bolan islegi artýar we künji ýagy ony kanagatlandyrmaga kömek edýär. Künji ýagynyň ýeterlik bolmagy öýjükleriň garramagyny haýalladýar. Deride we dyrnaklarda döreýän agryny peseldýär.

 

 

Künji ýagynyň zerurlygy aşakdakylar bilen aňladylýar:

- Gan ýygnanmany gowulandyrýar;
- Gan basyşy kadalaşdyrýar;
- Erbet holesterini peseldýär;
- Beýnidäki gan çalşygyny gowulaşdyrýar;
- Stresden goranmaga kömek edýär;
- Iýmit siňdirişi toksinlerden arassalaýar;
- Iýmit bilen gelýän witaminleriň siňdirilişini ýokarlandyrýar.

 

 

Oguljemal BATYROWA,
 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.