logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tebigat /KÖÝTENDAGYŇ LANDŞAFT ÝADYGÄRLIKLERI
  29.12.2022
1411
KÖÝTENDAGYŇ LANDŞAFT ÝADYGÄRLIKLERI

Köýtendag  ýurdumyzyň çet günorta gündogarynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol tebigy baýlyklara örän baýdyr. Köýtendagyň landşaft ýadygärliklerine Gaýnar-baba, Umbar dere şaglawugy, «Kyrk gyz gowagy» degişlidir.

Gaýnar baba keramatly ýerleriň biri hasaplanylýar, bu ýere ýerli ilatdan başga-da köp adamlar saglygyny bejermäge we dynç almaga gelýärler. Biri-birinden daş bolmadyk Gaýnar baba köli we çeşme bar. Kölüniň çuňlugy 3 metre golaý bolup, onda köp sanly balyklar hem ýaşaýar. Çeşme Gaýnar baba kölünden birnäçe metr demirgazykda ýerleşýär we kenarlary suwoty bilen örtülen. Çeşme suwy aşgazan, içege üçin peýdaly hem-de sowuklama kesellerini bejermekde hem ähmiýeti uludyr.

Umbar dere Köýtendagyň demirgazyk günbataryndaky jülgede ýerleşýär. Bu şaglawugyň ady rowaýat bilen baglanyşykly. Bir wagtlar Umbar atly çopan bu jülgede mal bakypdyr. Ol bir gün şol jülgeden böküpdir. Adamlar onuň  güýçlüdigine haýran galyp, bu ýere «Umbar dere» diýip at dakypdyrlar.

Kyrk gyz gowagy iň uly gowaklaryň biri bolmak bilen, beýikligi 10, ini 30 metrden  gowrak. Gowagyň içinde ýokardan çeşme akýar. Bu gowak bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar bar. Adamlar bu landşaft ýerlere zyýarat etmek üçin gelýär.  

 

Gülnur DÖWLETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.