Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) 2027-nji ýylda DRACO atly hemrany Ýeriň atmosferasynda ýakmak maksady bilen kosmosa uçurmagy meýilleşdirýär. Bu taslama kosmos giňişligindäki hapalaryň, ýagny kosmos galyndylarynyň azaldylmagyny maksat edinýär.
DRACO atly hemra ýörite synag missiýasy bolup, onuň üsti bilen kosmos enjamlarynyň ýok edilişi barada maglumatlar ýygnalyp, kosmos howpsuzlygy boýunça täze tehnologiýalar ösdüriler. Hemra dört kamera we ýüzlerçe datçik bilen üpjün edilip, hatardan çykarylanda kosmosda galyndylaryň döremegini azaltjak tehnologiýalaryň üstünde iş alyp barar. DRACO-niň bu maglumatlary ESA-nyň 2030-njy ýyla çenli kosmosda galyndy galdyrmagy doly togtatmagy maksat edinýän Zero Debris taslamasynyň möhüm bölegidir.
Kosmos giňişliginde hapalaryň ýygnanmagy barha çynlakaý mesele bolýandygy sebäpli, bu taslama kosmos arassalygyny saklamak üçin möhüm ädimleriň biri hasaplanylýar.
Begenç Babaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.