Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ UNIDO-nyň Global senagat sammiti öz işine başlady ✦ ✦ Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy ✦ ✦ Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular ✦ ✦ Bitaraplyk – daşary syýasaty alyp barmagyň esasy guraly ✦ ✦ «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ýola goýulýar ✦ ✦ Sanly ykdysadyýet innowasiýalary durmuşa geçirmegiň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar
  28.03.2024
460
Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar

27-nji martda Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy kabul etdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we hususan-da ýangyç-energetika pudagynda amala aşyryljak özara bähbitli taslamalar boýunça pikir alşyldy.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hem-de ýurdumyzda koreý dilini ýaşlara öwretmek boýunça okuw merkezini açmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny nazara alanyňda, hyzmatdaşlyklayr ösdürmekde täze mümkinçilikleriň döreýändigini nygtady.

 

Koreý işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamlara gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň teklipleriniň doly goldanylýandygyny belläp, degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

 

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistanyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejeisniň ýokarydygyny aýratyn belledi.

 

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar.

 

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda 2010-nji ýyldan bäri jemi 6 sany giň gerimli taslamalary amala aşyrdy.

 

Arslan DERÝAGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Energetika we inženerçilik desgalary 
fakultetiniň talyby.