Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Brýusselde geçirilen “Dünýä syýahatçylyk forumy – 2025”e gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi ✦ ✦ Konkur — Olimpiýa sport görnüşi ✦ ✦ Sanly ulgamda adamlaryň döredijilik hukuklary ✦ ✦ Ahal welaýatyndaky 135 müň gektar ýerden gowaça hasyly üstünlikli ýygnalar ✦ ✦ “Hakyda göwheri” hakda ✦ ✦ BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Tebigy gazyň eksporty artýar ✦ ✦ Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahaty açyldy ✦
Baş sahypa / Sport /Konkur — Olimpiýa sport görnüşi
  27.10.2025
25
Konkur — Olimpiýa sport görnüşi

Garaşsyz Watanymyz halkara giňişliginde parahatçylygyň we sport hyzmatdaşlygynyň dabaralanýan ýurdy hökmünde uly ykrarnama eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri bütin dünýäniň ünsüni özünde jemleýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde atçylyk-sport toplumlarynyň bina edilmegi, sebitiň iri ýaryşlarynda sport görnüşleriniň sanawyna atçylyk sportunyň girizilmegi hem örän buýsandyryjydyr.

 

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Türkmen diýeniňde ilki bilen onuň aty we alabaýy göz öňüňe gelýär. Türkmen aga, çagalaryny kiçilikde özüniň dosty, syrdaşy, daş ýolda ýoldaşy edinýän aty bilen irki ýaşlaryndan imrindirip başlapdyr. At münmegi, oňa ideg etmegi, aty gezmeletmegi nesillere kiçi wagtlaryndan endik etdiripdirler. Türkmen halky taryhda mälim bolşy ýaly, seýisçilik, çapyksuwarlyk sungatyny ösdürip, kämilleşdirip gelipdir. Häzirki wagtda hem bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip gelýär. Ýurdumyzda milli atçylyk sungaty, atçylyk sporty hemmetaraplaýyn esasda mynasyp dowam etdirilýär.

 

Häzirki döwürde dünýäde atçylyk sportunda ýedi ugurdan ýaryş geçirilýär. Atly sporty, ýagny konkur adam bilen atyň bilelikde gatnaşmagynda ýaryşylýan ýeke-täk Olimpiýa sport görnüşidir.

 

Atçylyk sportunyň nusgawy görnüşine giren konkur (päsgelgelçilikden bökmek) bäsleşigiň has giň ýaýran görnüşleriniň biri hasaplanýar. Bu bäsleşikler päsgelçilikleriň sany we ölçegi, netijelere baha bermek ulgamy, ýoly geçmegiň tertibi boýunça dürli görnüşli bolup bilýär. Üç görnüşli ýaryş maneždaky at çapylyşyndan, meýdan synaglaryndan we päsgelçiliklerden böküp geçmekden ybaratdyr. Ýaryşda ata baş öwretmek ussatlygyň ýokary mekdebi hasaplanylýar. Onda aty duruzmak, çylşyrymly öwrümden çalasyn hereket edip geçirmek ýaly düzgünler bar. Üç günlük ýaryş hem özboluşly düzgünlere eýedir. Bu synagdan abraý bilen geçmek, köplenç halatda atyň seýislenişine, başarnygyna baglydyr. Umuman, bu görnüşde kim atyň ukyp-başarnygyny, artykmaçlygyny görkezip bilse, şol hem ýeňiş gazanýar.

 

Ogulmaýsa ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.