logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Konfusiý - adatlar, bilim we maşgala adamyň gymatyny artdyrýar
  29.09.2023
2175
Konfusiý - adatlar, bilim we maşgala adamyň gymatyny artdyrýar

Konfusiý ( 551-479 b.e öň ) gadym hytaý akyldary, konfusianstwany esaslandyrjy. Konfusianstwanyň esasy ýörelgeleri “Lun ýuý” (Pikir alyşmalar we oýlanmalar) kitabynda görkezilen.

 

 

Onuň kakasy ejesinden 46 ýaş uly bolup Konfusiý 3 ýaşanda, ejesi 16 ýaşynda ýogalýar. Ýaşlykda ol ammaryň dolandyrjysy we süri gözegçisi bolup işlemeli boldy. 27 ýaşynda ol Lu şazadalygynyň esasy budda ybadathanasyda sadaka berijiniň kömekçisi wezipesini alýar. Konfusiý özüni Hytaýyň birinji hususy mugallymy hasaplaýar. “Şi-szin” we “ Şu szyn” kitaplaryny bilýän meşgulçylygy, onuň ýanyna köp okuwçyny özüne çekdi. Özüniň däplere wepalylygyny Konfusiý diýýärdi “Men beýan edýärin ýöne döredemok, men gadymylyga ynanýaryn we ony söýýärin”. Çžou dinastiýasynyň (1027-256 b. e. öň) birinji ýyllaryny Konfusiý Hytaý üçin altyn asyry diýip hasaplaýardy.

 

 

Konfusiý öz talyplaryna ruhybelentlikde ýaşamagy we beýleki adamlara hökümet üsti bilen hyzmat etmegi, okamaga kömek etmegi, iň bolmanda maşgalasy barada alada edýän adam bolmaklygy ündäpdir. Konfusiý gündelik maşgala durmuşynda hojalyk işleri bilen meşgullanmagy, saz çalmagy we wagtyňy dostlaryň bilen geçirmegi uly şatlyk hasaplapdyr.

 

 

Konfusiý üç sany esasy aýdan sözi: adatlar, bilim we maşgala adamyň gymatyny artdyrýar diýip belläpdir. Adatlar adam doglandan başlap, onuň aradan çykandan soň jaýlaýyş dessurlaryna çenli ähli durmuş edim-gylymlaryny özünde jemläp, olary hormat bilen ýerine ýetirmeklik diňe bir adamkärçiligiň nyşany däl-de eýsem, ony ösdürmäge hem ýaradam edýär diýip belleýär.

 

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.