Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň futbol boýunça (U17) ýygyndy topary Daşkentde geçirilen CAFA 2025-de bürünç medala mynasyp boldular ✦ ✦ “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi ✦ ✦ Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy ✦ ✦ Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradyldy ✦ ✦ Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Kompýuter tehnologiýalary – innowasion ösüş
  20.05.2023
1624
Kompýuter tehnologiýalary – innowasion ösüş

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere, uly özgerişlere eýe bolýar. Bu ulgamyň işini mundan beýläk hem ösdürmek, döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça oňyn ädimler ädilýär. Bu bolsa bagtyýar döwürde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, milli we dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işlere badalga berilýär. Ähli bilim ojaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak üçin köp mümkinçilikler açylýar, sanly bilim portallary, internet torlary döredilýär. Munuň özi zerur bolan islendik ylmy we beýleki ugurly kitaplary, gollanmalary almaga we ondan peýdalanmaga ýardam edýär. Şeýle-de daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw jaýlary, abraýly guramalary bilen teleköpri arkaly wideoşekilli okuw sapaklary, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy düşnükli bolsa gerek. Çünki häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalary we onuň mümkinçilikleri biziň durmuşymyzyň her bir pursadynda bar. Kämil tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem esasy üns merkezinde saklanylýar. Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi oňyn ösüşlere atarýar. Her ýyl mekdebe gadam basýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem muňa ýadyň mysaldyr. Döwrüň talaby bolan akylly serişdelerden, kompýuterlerden ýaş nesliň peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmekligi gazanmak ýola goýulýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanylýar. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy hem berkidilýär. Bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri giňden açyp görkezmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhümdir. Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion kompýuter tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak  ugrunda netijeli işleriň ýola goýulmagy babatda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Elmira BOLŽIKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.