logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /Kompýuter gowşurmak dabarasy
  24.01.2021
845
Kompýuter gowşurmak dabarasy

     Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 27-nji, 14-nji orta mekdeplerinde uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara bolup geçdi. Dabara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji synp okuwçylaryna “Täze ýyl” baýramy mynasybetli kompýuter gowşurmaklyga bagyşlanylyp geçirildi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş şahsyýetiň ömegi ugrundaky edýän aladalary okuwçylaryň we bilim işgärleriniň öňünde uly borçlary goýýar. Okuwçylaryň kompýuterlerden, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş alyp, olara erk edip bilýän hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýol açýar. Şular ýaly öz içine alýan baýramçylyk dabarasyny geçirmek, indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrüldi.

     Ahal welaýat we Gökdepe etrap jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasynyň bu gezekgi tapgyry hem örän işjeňligi we şowhunlulygy bilen tapawutlandy. Dabara gatnaşýan bagtyýar çagalar ýetip gelýän “Täze ýyl” hakynda,Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy, Watanymyzyň gülläp ösmegini   özleriniň şirin dilleri, ussat döredijilik ukyplary bilen wasp etdiler.

 Dabara gatnaşyjylar okuwçylar bu şatlykly dabara üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.