logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Kitap — paýhas ummany
  20.05.2023
1064
Kitap — paýhas ummany

Kitap adamzadyň iň ýakyn syrdaşy hasaplanýar. Her bir adam öz ukyp-başarnygyny kitabyň üsti bilen kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda kitaba bolan isleg has-da ýokarlanýar. Şowly çykan kitaplar birnäçe dillere terjime edilip, dünýäniň okyjylaryna ýetirilýär. Çuň parasata ýugrulan kitaplar okyjylaryň arasynda baky ýaşaýar.

Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly, türkmen halky kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň manysy hasaplapdyr. Ir döwürlerde sowatly, kitaphon adamlar halk arasynda bolup, köne ýazuwda bolan kitaplary köpçülige okap beripdirler. Aslynda sada, daýhan, çarwa adamlaryň arasynda-da, özi okap bilmese-de, kitaby ýürekden söýýän kitaphon adamlar bolupdyr. Muňa türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky Welmyrat aganyň keşbi arkaly hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Kitap her bir zamanda-da halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyl hazynasy hasaplanylýan kitaplar adamyň tutuş süňňüne, beýnisine, bedenine täsirini ýetirýän ruhy gymmatlykdyr. Kitap okamak adama dynç berýär, ruhuny baýlaşdyrýar, dünýä garaýşyny giňeldýär.

Ylym­ly, bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry ah­lak sy­pat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ýaş nes­liň ke­ma­la gel­me­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny hä­zir­ki za­ma­nyň de­re­je­sin­de ös­dür­ýär. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de iň tä­ze en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan döw­re­bap ki­tap­ha­na­lar bo­lup, olar öz­le­ri­niň müň­ler­çe ki­tap go­ry bi­len is­len­dik ýaş­da­ky adam­la­ra ga­py­sy­ny giň­den aç­ýar­lar.

Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dö­wür­de ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin! 

 

Pälwan JUMADURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.