logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Kämil bilim – nurana geljek
  14.06.2023
1109
Kämil bilim – nurana geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bilen rowaçlanýan eziz ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine Arkadagly Serdarymyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan döwlet syýasatyň rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň ýagty geljegi, nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, beden taýdan sagdyn, ýokary ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri, döwrebap şertlerde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky beýik işler, döwletli başlangyçlar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan durmuşyny has-da dabaralandyrýar. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik ussatlygyny ýüze çykarmak, ylym-bilim goruny giňeltmek we ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň kämilleşdirilmegi ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan netijeli işlere işjeň gatnaşmaklaryna ýol açýar. Sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, sanly serişdeler, akylly enjamlar, elektron maglumat göterijiler, bilim işinde netijeli peýdalanylýar. Şeýle mümkinçilikler dünýä ylmy bilen deň gadam urmaga, ylmy gözlegleri, tehnologiki barlaglary alyp barmaklyga uly mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa bilim ulgamynyň barha kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Netijede kämil ylymly türkmen ýaşlary jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Çünki eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Ata ýurdumyzyň gülläp ösmegi ilkinji nobatda ylmyň ösüşine bagly bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi buýsançly kalplarda bagtyýar döwrümize bolan guwanjy has-da goşalandyrýar. Umuman, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, ýokary depginli ösüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň subutnamasy bolup çykyş edýär. 

 

Gülruh JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.