logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Kaliforniýa uniwersitetinde Halkara Nowruz güni belleniler
  15.03.2024
531
Kaliforniýa uniwersitetinde Halkara Nowruz güni belleniler

Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetinde Halkara Nowruz güni belleniler

 

Mälim bolşy ýaly, Halkara Nowruz güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni üstümizdäki ýylda ABŞ-nyň meşhur Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetinde hem bellenilip geçiler.

 

Bu ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetinde hukuk ugry boýunça magistri derejesini almak üçin bilim alýan talyplar tarapyndan guralar. Baýramçylygyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Özbekistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň talyplary çykyş edýär.

 

22-nji martda geçiriljek baýrançylyk dabarasynda Nowruzyň ähmiýeti açylyp görkeziler. Şol sanda türkmen palawy bilen bir hatarda sebit ýurtlarynyň tagamlary hödürlener.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara Nowruz gününiň dabarasyna fakultetiň talyplarynyň gatnaşmagy üçin fakultetiň dürli ýerlerinde çakylyk görnüşindäki afişalar ýerleşdirildi.

Bägül BAKYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
Institutynyň talyby.