Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Jümle-jahany gülzarlyga besleýän milli baýram
  23.03.2023
993
Jümle-jahany gülzarlyga besleýän milli baýram

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan mähriban halkymyz bu gün Milli Bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi uly şatlyga, uly ruhubelentlige  besleýär. Şöhratly ata-babalarymyzyň döreden, gadymdan bäri bellenilip gelinýän bu milli baýramyň joşgunly dabarasy türkmen tebigatynyň gözellikleri bilen sazlaşýar. Nowruz baýramynyň gelmegi bilen, asman bilen zeminiň arasynda özboluşly sazlaşyk döreýär, tebigata jan berýän ýaz ýagşy ýaşyl begrese beslenen sähradyr düzleri gülzarlyga büreýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýa­ly: «Pe­der­le­ri­mi­ziň iň çuň pel­se­pe­le­rin­den, gara­ýyş­la­ryn­dan göz­baş alyp, asyr­la­ryň do­wamyn­da ru­hu­be­lent türk­men hal­ky­nyň ru­hy dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn mö­hüm or­ny eýe­län Now­ruz baý­ra­my türk­men döw­le­ti­niň şöhrat­ly tä­ze se­ne­na­ma­syn­da tä­ze maz­mu­na, tä­ze ru­ha, tä­ze röw­şe eýe bol­dy».

«Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomsuň salkyn boljakdygydyr», «Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolarmyş», «Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmaldyr», «Nowruzda dünýä inen çaga bagtly bolarmyş», «Nowruzda gargalar gagyldaşsa, yzyndaky aýda howa salkyn bolar», «Nowruzda geýlen täze geýim bagt getirermiş» diýlen ýaly yrymlardyr, parasatly jümleler hal­ky­myzyň dur­mu­şy­na hem aňyna Now­ruz baý­ra­mynyň çuň­ or­na­şandygyna, türk­men halk dö­re­di­jili­gi­niň, nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň eser­le­rin­de bu baý­ram bi­len bag­la­ny­şyk­ly däp-des­sur­la­ryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Now­ruz baý­ra­my bilen bag­la­ny­şyk­ly dost­lu­ga, pa­ra­hat­çy­ly­ga ça­gyr­ýan öwüt-ün­dew­ler, atalar sözi, nakyllar-da bar. Halkara derejesinde bellenilýän bu milli baý­ra­myň gün­le­rin­de türk­men ge­lin-gyz­la­ry gazal aýdyp, mon­ju­gat­dy oý­nap­, lä­le ka­kyp­dyr­lar, küştdepdi tansyny ýerine ýetiripdirler. Tebigatyň sazlaşygyny we täzelenişini alamatlandyrýan bu günde daş-töwerek gözellige beslenýär. Hut şol nukdaýnazardan hem, Nowruz däpleriniň mazmunynda tebigaty goramagyň nusgalyk ýörelgeleri jemlenendir. Nowruz baýramy halklary jebisleşdirýär, ynsanlary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýar hem dostlaşdyrýar. Şu pursatda, bagtyýar halkymyzy, Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzy halkara derejesinde uludan bellenilýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Halkara Nowruz gününiň joşgunly ýaňy, belent owazy köňüllere şatlyk hem ruhubelentlik paýlasyn! 

 

Ogulnur GURBANMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.