logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Italiýanyň kenarlaryndan tapylan täsin eserler
  17.12.2023
677
Italiýanyň kenarlaryndan tapylan täsin eserler

Wulkan aýnasyndan ýasalan gadymy eserler Italiýanyň kenaryndan takmynan 40 metr çuňlukda tapyldy.Hünärmenler bu ýadygärlikleriň takmynan 5-8 müň ýyl ozal Daş asyrynda gämi heläkçiliginde deňiz düýbünde gaçandagyny çaklaýarlar.

 

 

Bu açyş Kapri adasynyň Ak Grotto şäheriniň golaýynda tapyldy, Naples polisiýa müdirligi we deňiz arheologlary bu eserleriň deňiz düýbüniň ozal pikir edişinden has giň meýdana ýaýrandygyny mälim etdiler. Iň möhüm tapyndylaryň biri, lawanyň çalt sowmagy netijesinde emele gelen ýalpyldawuk gara ýagny oňa wulkan aýnasy diýlip atlandyrylýan jisim bolup durýar. Agramy 8 kilograma, takmynan 28 x 20 x 15 santimetr.

 

 

Tapyndyda gaýtadan işlemegiň yzlary munuň adam zähmetiniň miwesidigini subut edýär. Emma birnäçe obýektiň nämedigi takyk däl. Indi gözlegçiler gäminiň golaýynda täze zatlary tapmagy umyt edýärler.

 

 

Nurşat NURGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat howpsuzlygyň menejmenti hünäriniň 2-nji ýyl talyby.