logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi
  18.02.2026
346
Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi

17-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolliansýah Soemiratyň Ynanç hatyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Resmi çärede Ilçini Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa kabul etdi.

 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwletimiziň adyndan diplomaty ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda ösdürilýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant goşmakda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem myhmana Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan içeri syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi.

 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerilip, onuň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi bellenilip, Indoneziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň artýandygy nygtaldy. Bu ýagdaýyň iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigi aýratyn bellenildi.

Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk hem-de parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksadalaýyklygyny aýtdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak we parlament derejesinde gatnaşyklary ösdürmek boýunça hem giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

 

Duşuşygyň ahyrynda Indoneziýanyň Ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan diplomatik wezipesini ýerine ýetirmegiň uly jogapkärçilik we hormatdygyny belledi.