logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Society /Ilçi işe başlady
  12.06.2026
271
Ilçi işe başlady

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berildi.

 

Mähri Bäşimowa diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-fin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir hatarda, halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda özara gyzyklanmanyň bardygy bellenildi.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini tassykladylar.

 

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Maria Agre Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.