logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Hyýar agajy
  28.09.2022
2586
Hyýar agajy

Täsin tebigatyň hyýar şekilli miwe berýän özboluşly agajy “Bilimbi” diýlip atlandyrylýar. Hyýar agajy esasan hem ýyly klimatly sebitlerde ösýär. Onuň watany Malaýziýa bolup, häzirki wagtda ol Hindistan, Taýland, Braziliýa, Merkezi Amerika ýurtlarynda giňden ýaýrady. 


Botaniki häsiýetnamasy:


Hyýar agajy ösümlik dünýäsiniň “Awerroýa” urugyna degişli bolan uly ýaprakly agaçdyr. Onuň konus şekilli sütüni güýçli ösendir. Miwesi daşyndan göräýmäge, edil hyýara çalym edýär, ýöne tohumlary goňur reňkdedir. Miwesiniň uzynlygy 5-10 sm deň. Hyýar agajynyň gyrymsy görnüşi öý şertlerinde käbir ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Öý şertlerinde ol çygly substrata, ýokumly iýmite, ýagtylyga talapkärdir. Ösüş döwründe köp mukdarda suwy talap edýär. Ol sukkulentler ýaly dokumalarynda suw hem ýygnaýar. Gülleýän we miweleýän döwründe suwda erän mineral dökünler gowy täsir edýär. Gülleýän döwri ýakymly ys ýaýradýar.


Miwesiniň düzümi we ulanylyşy:


Miwesinde witaminleriň we minerallaryň uly topary saklanýar, ýöne tagamy turşumtyk bolany sebäpli ol terligine köp iýilmeýär, dürli işdäaçarlarda, tagamlarda peýdalanylýar ýa-da gaplanylan (konserwirlenen) görnüşde ulanylýar. Şeýle-de bişen miwesi dürli içgileri, mürepbe taýýarlamakda hem amatlydyr. Miwesiniň şiresi öz düzüminde oksalaty köp saklaýandygy üçin agardyjy häsiýeti bar. Miwesi halk lukmançylygynda deri, çiş kesellerinde, saç dökülmeginde hem peýdalanylýar. Şeýle hem miwesi askorbin kislotasynyň we riboflaminiň ammarydyr.



Döwletmurat ESENOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.