logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Hytaý Halk Respublikasynda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi
  22.08.2022
908
Hytaý Halk Respublikasynda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi

Ýakynda, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy Atçylyk senagaty boýunça hytaý assosiasiýasynyň, Hytaýyň medeni, ylmy we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre gurady. Çäre türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

 

 

Çäräni Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi açdy we şahyryň döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdi. Şeýle hem ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi myhmanlary şu mowzukda bilelikdäki halkara maslahatlary geçirmäge, dürli neşirleri, ylmy barlaglaryň netijelerini çap etmäge ýardam bermäge, şeýle-de Pyragynyň Hytaý we türkmen bedewleri barada söz açylýan şygyrlaryny hytaý diline terjime etmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.