logo

Latest news:
✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦
Home / Politics /Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar
  12.11.2022
1138
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza bu abraýly sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň agzalygyna girmeýän abraýly halkara we sebit düzümleriniň sammitlerine çagyrylmagy Watanymyzyň dünýädäki belent abraýynyň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň, başlangyçly ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, parlamentara derejede göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýär. Bu bolsa döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ýagdaýydyr.

Türki döwletleriň hatarynda dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistan bu günki gün «Açyk gapylar» syýasaty bilen özüniň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta saklap gelýär. Bu netijeli syýasatyň esasynda abadançylyk, parahatçylyk ugrunda köp işler amala aşyryldy. Türki döwletler bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. 

 

Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.