logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Society /Hormatly Prezidentimiziň "Saglyk" Döwlet maksatnamasy hereketde
  06.08.2019
2674
Hormatly Prezidentimiziň "Saglyk" Döwlet maksatnamasy hereketde

   Hormatly Prezidentimiz "Il saglygy-ýurt baýlygy" diýlişi ýaly, «Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiya hereketini, sporty ösdürmäge uly üns berýäris. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diyip belleýär. Berkarar Diýarymyzda Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen adam bedeniniň sagdyn bolmagyna, her bir adamyn uzak ýasamagyna gönikdirilip bitirilen beyik işler ýa-da olaryň ähmiýeti hakynda gürrüň etmäge zat sanardan кöp. Hormatly Prezidentimiziň "Saglyk" Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde il saglygy, ýaş nesilleriň sagdynlygy hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda beyleki ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyşda bitirilen beyik işler, ýetilen belent sepgitler, amal edilmegi göz öňinde tutulýan belent maksatlar bu gun ähli türkmenistanlylary buýsandyrýar.

   Hormatly Prezidentimiziň gymmatly maglumatlara baý bolan ylmy işleri, saglyk bilen bagly birnäçe çuň mazmunly kitaplary hem döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly taglymatlary, ylmy işleri, "Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary", "Türkmenistan sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy", "Türkmenistan melhemler mekany", "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitaplary häzirki wagtda yurt we dünýä derejesinde lukmançylyk ylymynyň ösmeginde gymmatly gollanmalaryň hatarynda duryar. Häzirki wagtda yurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň ýokary talabyna laýyk hil taýdan täze derejelere çykdy. Döwrüň iň kämil enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap kesel anyklaýyş we bejeriş halkara merkezleriniň birnäçesi häzirki wagtda halkymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýär.