logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Politics /Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
  22.04.2026
15
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

 

Sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan sebit gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek.

 

Türkmenistan durnukly ykdysady ösüşi daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşykly alyp barýar. Ýurdumyz milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýan howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistan howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ugurda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.

 

Aral meselesi sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Türkmenistan sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn üns berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistan Aral meselesiniň has anyk we giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.

 

Umuman, Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

 

TDH.