Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Sport /Hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşa uly taýýarlyk görülýär
  08.04.2024
198
Hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşa uly taýýarlyk görülýär

Ýene-de sanalgy günden Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berler. Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Gol çekilen bu Karar halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirdi.


 

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen, ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi. Şondan bäri ýaryşa taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde onuň Düzgünnamasy düzülip, ol guramaçylar — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan tassyklanyldy. Düzgünnama resmi çakylyk haty bilen bilelikde, diplomatik ýollar arkaly Belarusyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Omanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Bahreýniň degişli hokkeý klublaryna ýollanyldy.

 

 

Halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary hem-de onuň guramaçylyk işleri bilen bagly taýýarlanylan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin guramaçylyk toparynyň iki mejlisi geçirilip, olarda zerur çözgütler kabul edildi.


 

Ýaryşy geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň 24-nji fewraldaky mejlisiniň teswirnamasy bilen, oňa gatnaşjak döwletleriň at ýazgysy, ýaryşyň resmi nyşanynyň, ýeňijilere gowşuryljak medallaryň, şahadatnamalaryň, Kubogyň, ýaryşa gatnaşyjylaryň akkreditasiýasynyň, aýratyn tapawutlanan türgenlere gowşuryljak sowgadyň, ýurdumyzyň milli toparynyň egin-eşiginiň hem-de ýeňiji toparlaryň türgenlerine gowşuryljak gül çemenleriniň görnüşleri bellenilen tertipde ylalaşyldy.

 

 

Hokkeý boýunça halkara düzgünlere laýyklykda, ýaryşa gatnaşýan toparlara amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda ýaryşyň «A» we «B» toparçalaryndaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirildi. Zerurlyga görä, ýaryşa gatnaşýan hokkeý toparlarynyň türgenleşiklerini Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Milli Olimpiýa sport köşgüniň» hem-de Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyş sport merkeziniň buzly meýdançalarynda geçirmek bellenildi.

 

Ysmaýyl BAÝLIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.