logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Hezreti aýdymyň aşygy
  14.07.2022
1350
Hezreti aýdymyň aşygy

Howasy ömrüňe ömür goşup duran eziz Watanymyzda sunagat adamsy bolmagyň aýry bir lezzeti bar. Çünki ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda medeniýet-sungat adamlaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Diýarymyzda heniz kiçilikden aýdym aýtmaga höwes eden çagajyklardan başlap ony şol sungat dünýäsine has-da höweslendirmek üçin dürli mümkinçilikler döredilip berlen. Olaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleriniň» ýeňijileriniň bu günki gün ýurdumyzyň tanymal estrada ýyldyzlary bolanlary az däl. Ýa-da şol merjen dänejikleriniň nahal bolup, bu günki gün täze üstünlikleriniň miwesini ýygnaýanlary hem ýok däl.

Ynha, şolaryň biri hem «Garşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine «Güneş» hor toparynyň aýdymçysy bolup gatnaşan, indi bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Al­tyn asy­ry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäk­le­rin­de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyrynyň ýeňijisi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy Hezretguly Guldurdyýew. Ýaş aydymçy ýigit çagalykdan aýdymly dünýäň aşygy, ençeme ägirtleriň gaýybana şägirdi we ussat halypalaryň çyn muşdagy. Ol gözel paýtagtymyzyň iň bir ajaýyp ýerine ýerleşýän Aşgabat monumentiniň öňündäki meýdançada geçirilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň birinji şerti boýunça Nury Halmammedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine «Şahyr ýüregi» atly aýdymy bilen, bäsleşigiň ikinji şerti boýunça Çary Nurymowyň sazyna, Anna Kowusowyň sözlerine «Janym Aşgabat» atly aýdymy bilen çykyş edip emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp bolup aýdym-saz sungatyny ýene bir mertebe beýige galdyrdy. Aýdan aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirmegi Hezretgula «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna geçmäge hukuk gazandyrdy. Bizem öz gezegimizde aýdym-sazyň aşygy Hezretguly Guldurdyýewe uly ynam bildirip, oňa bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda hem üstünlik arzuw edýäris.

 

Kerimberdi Hakberdiýew,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby