logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / In the world /Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar!
  26.02.2026
383
Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar!

Özbegistanda her hepdäniň penşenbe güni ministrliklerde, edaralarda we häkimliklerde “Ýaşlar güni” aýratyn sene hökmünde belleniler. Bu barada döwlet ýolbaşçysy 24-nji fewralda ýaşlar bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi. Täze düzgünlere laýyklykda, degişli ugurlara jogapkär ýolbaşçylar şol günler dürli jemgyýetçilik zolaklaryna, mekdeplere hem-de orta okuw mekdeplerine baryp, ýaşlaryň pikirlerini diňlär we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözülmegine ýardam eder.

Döwlet ýolbaşçysy çykyşynda bilim ulgamyna täze usulyýetleri we innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, şeýle çemeleşmäniň bilimiň hilini ýokarlandyrjakdygyny we ýaşlaryň öz hünäriniň ussady bolup ýetişmegine ýardam etjekdigini aýtdy. Şeýle hem bu ýagdaý ýolbaşçylaryň işine täzeçe ruh we netijelilik getirer. Häzirki döwürde ýaşlaryň aňyna täsir etmäge gönükdirilen täze ýaramaz ýa-da ýalan negatiw maglumatlaryň ýüze çykýandygyny nazara alyp, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň ýaşlar bilen işlemekde täze usullara geçmelidigi bellenildi.

“Ýaşlar güni” mynasybetli häkimlikler ýaşlara niýetlenen söwda we hyzmat taslamalaryny durmuşa geçirer. Şeýle hem ýaşlaryň bilim almagyna, sport bilen meşgullanmagyna, hünär we dil öwrenmegine, işe ýerleşmegine ýa-da telekeçilik bilen meşgullanmagyna goldaw berler. Şeýle-de iň göreldeli bagban, daýhan, senagatçy, startapçy, dörediji we beýleki ugurlarda üstünlik gazanan ýaşlaryň arasynda bäsleşikler hem-de jemgyýetçilik çäreleri guralar.
 


Oraz PENJIÝEW.