logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Her bir dänäň müň bolsun, edermen gallaçylar
  20.10.2020
780
Her bir dänäň müň bolsun, edermen gallaçylar

     Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda öňde saýlanýar. “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyda giň gerim bilen ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizde ekerançylygy ösdürmekde bitirilýän işler, edilýän aladalar sanardan artykdyr. Ýurdumyzda il ýaşulylarymyzyň ak pata bermegi bilen güýzki bugdaý ekilşine sentýabr aýynyň ikisinden girişildi. Elbetde türkmen halky ekerançylygy  ösdürmekde birnäçe işleri alyp barýarlar.

      Ak bugdaýyň watany bolan Türkmenistan döwletimizde bugdaýyň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şu bereketli ýylda hem bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Ak baş”, “Hasylly”, “Watan” ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy we ekişe berildi. Güýzlik ekilişine ak pata bermek dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat etraplarynda giň gerim bilen alnyp barylýar. Dabaralara ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň, hormatly il ýaşulylaryň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, mehanizatorlarynyň, gallaçy kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda alnyp barylýar. Halkymyzyň bol elin durmuşda ýaşamaklary üçin geljek ýylda bugdaýyň döwlete tabşyrylmaly mukdary artdyryldy. Şol sebäpli edermen gallaçylar tarapyndan, öňde goýulan borçnamalaýyn tabşyrylmagy bellenilen bugdaýy ýetişdirmeklik üçin häzirki döwürden başlap taýýarlyk işleri tutanýerli alynyp barylýar.

      Elbetde bu işleriň ählisiniň sakasynda Arkadagymyzyň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli edýän aladalary ýatyr. Ýurdumyzy ösdürmekde, dürli pudaklar babatda alyp barýan işleri aýdylanlara doly subutnama bolup durýar.