logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /Her aýda 80-100 tonna türkmen pomidory Russiýa eksport ediler!
  24.02.2023
974
Her aýda 80-100 tonna türkmen pomidory Russiýa eksport ediler!

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Uly höwes» hojalyk jemgyýetiniň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 3 gektar ýer böleginde döwrebap ýyladyşhana ýerleşip, ol ýerde ýaşlaryň 40-a golaýy yhlasly zähmet çekýärler. Ýyladyşhana Ýewropa döwletleriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, gündelik ulanylýan azyk önümleriniň hataryna girýän pomidory ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ýerde giňden ýaýran «altess» görnüşli pomidorlar ýetişdirilýär. Bu pomidorlaryň bitginli we bol hasyl bermegi ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýan işçi-hünärmenler ekini dökünleme, suwarma işlerine aýratyn üns berýärler. Degişli işleriň agramly bölegini awtomatik usulda amala aşyrmaga mümkinçiligiň bolmagy netijeliligi ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, döwrebap ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar içerki sarp edijilere ugradylmak bilen, alynýan bol hasylyň her aýda 80-100 tonnasy Russiýa eksport edilýär.