Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde
  04.12.2025
126
Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde

Dünýäde tebigy baýlyklaryň iň haýallyk bilen we kyn dikeldilýän görnüşleriniň biri — suw biologik serişdeleridir. Deňizleriň, kölleriň we derýalaryň ýaşaýyş zynjyry diňe bir tebigatyň sazlaşygyny üpjün etmeýär, eýsem millionlarça adamlaryň iýmit howpsuzlygyna hem täsir edýär. Şol sebäpli bu baýlyklary goramak we rejeli peýdalanmak diňe bir ekologik borç däl, eýsem adamzat geljegi üçin möhüm jogapkärçilikdir.


Hazar deňzi hem suw baýlyklary babatda dünýäniň iň täsirli ekoulgamlarynyň biridir. bekre ýaly gymmatly balyklar we beýleki müňlerçe görnüşli jandarlar Hazar deňziniň ýaşaýyş tapgyrynyň aýrylmaz bölegidir. Emma tebigy serişdeleriň näbelli mukdarda we ylmy esaslara boýun egmezden peýdalanylmagy bu zynjyra zyýan ýetirip bilýär. Şu gün dünýäde iň möhüm meseleleriň biri — deňiz biologik serişdeleriniň azalmagy we käbir görnüşleriň ýok bolmak howpuna duş gelmegi.


Şunuň bilen baglylykda, 24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň suw biologik serişdelerini gorap saklamak boýunça toparyň 9-njy mejlisi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu duşuşyk diňe bir ylmy maslahat däl, eýsem bäş ýurduň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň — umumy deňiz üçin jogapkärçiliginiň nobatdaky subutnamasydyr.


Hazar deňzinde biologik serişdeleri dolandyrmak baradaky hökümetara ylalaşyk 2010-njy ýylda MIlli Lidermiziň öňe süren başlangyçlarynyň netijesinde baglaşyldy. 2012–2014-nji ýyllarda geçirilen gepleşikler netijesinde degişli ylalaşyk taýýarlanyp, 2014-nji ýylda Astrahanda gol çekildi hem-de 2016-njy ýylda güýje girdi. Bu bolsa aýratyn ekoulgama eýe bolan Hazaryň baýlyklaryny gorap saklamaga halkara hukuk derejesinde berk binýat goýdy.


Türkmenistan 2025–2026-njy ýyllarda bu topara başlyklyk edýär. Mejlisiň dowamynda halkara hünärmenler balyk gorlarynyň häzirki ýagdaýyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň netijelerini, şeýle hem suw biologik serişdelerini dikeltmek boýunça görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Maslahatyň möhüm netijeleriniň biri — 2026-njy ýylda bekre balyklarynyň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezligi baradaky çözgütdir. Bu balyklar diňe ylmy barlag we dikeldiş maksatlary üçin çäklendirilen mukdarda tutulyp bilner. Bu ädim Hazar deňziniň iň gymmatly we iň gowşak görnüşleriniň biri bolan bekre balyk görnüşlerini doly ýok bolup gitmek howpundan goramaga gönükdirilendir.


Bu çäreleriň ählisi suw biologik serişdelerini goramak diňe bir döwletleriň borjy däl, eýsem umumadamzat mirasyny saklamagyň bir ugry bolup durýar. Suw — ýaşaýşyň çeşmesi. Onuň baýlyklaryny goramak bolsa ýaşaýşyň özenini goramakdyr.

Myrat Gaýgysyzow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.