logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy
  15.12.2022
923
Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.

Gözden geçirilişde amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan, dünýä gymmatlyklary hasaplanylýan nepis halylar görkezildi.

Serginiň hormatly myhmanlary görkezilýän işler bilen höwesli tanyşdylar, olarda türkmenistanlylaryň durmuş ýörelgeleri, gündelik işleri hem-de bagtyýar durmuşy öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin medeni çärelerde halkymyzyň toý däpleriniň çeperçilik beýanyny tapýandygyny bellemek gerek.

Folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra döwrebap görnüşde taýýarlanan milli lybaslar görkezildi.