logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Halkymyzyň şöhratly taryhy – milli buýsanjymyz
  24.01.2023
1122
Halkymyzyň şöhratly taryhy – milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny içgin öwrenmeklige uly üns berilýär. Örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan, ençeme kuwwatly döwletleri döreden sahawatly türkmen topragymyzyň geçmişde dünýä ýaň salan beýik işleriň kemal tapan mesgeni bolandygyna taryh şaýat. Çünki merdana ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza uly sarpa goýulýan bu döwür – asylly başlangyçlaryň amala aşyrylýan beýik döwür. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletimiziň taryhy-medeni baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek hem-de geljekki nesillere wagyz etmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär. Geçmişi şöhratly türkmen halkynyň taryhynyň gadymy gözbaşy bardyr. Geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri eziz Watanymyzyň medeni ekerançylygyň watanydygy hem-de hut şu ýerde gadymy döwürlerde biziň zehinli halk seçgiçilerimiz tarapyndan ak bugdaýyň döredilendigini tassyklaýan tapyndylaryň bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Bereketli türkmen topragynda owadan, ýelden ýüwrük, behişdi ahalteke bedewleriniň, wepadar alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilendigi hem bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeler netijesinde döwletimiziň ruhy binýadyny pugtalandyrmakda, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmekde taryh ylmynyň ornuny nazara alyp, ony ösdürmek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýoluň ugry diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde hem meşhurlyk gazanypdyr. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, edebi gymmatlyklar, halkymyzyň ruhunda hem kalbynda saklanyp galan mizemez mirasdyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy kitaplary hem türkmen halkynyň taryhy ýolunyň gadymylygyndan, baýlygyndan söhbet açýar. Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly kitaby ylmy-edebi mirasymyzy we şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmekde möhüm gollanma bolup çykyş edýär. Ata-babalarymyzyň döreden we asyrlaryň dowamynda kämilleşip, şu günlere çenli ýetip gelen maddy we ruhy gymmatlyklaryň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä ýaýmakda, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesilleriň aňyna guýmakda taryh ylmynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Medeni mirasymyz, milli gymmatlyklarymyz, köpöwüşginli hem baý däp-dessurlarymyz raýatlarymyzda, aýratyn hem ýaş nesillerimizde ata Watanyna, mähriban halkyna bolan guwanjy, buýsanjy artdyryp, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, hakyky watançy şahsyýeti kemala getirmäge ýardam edýär. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny düýpli öwrenmekde we dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!

 

Çynar IŞANKULIÝEWA,

Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt 
dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta 
mekdebiniň taryh mugallymy.