logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Halkymyza Täze ýyl sowgady
  29.12.2022
2198
Halkymyza Täze ýyl sowgady

Golaýda, gözel paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» kino-konsert merkezinde ýetip gelýän Täze — 2023-nji ýyl mynasybetli kino söýüjilerine uly sowgat bolan täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl alma» atly çeper film Hekim Alowowyň režissýorlygynda ýerine ýetirildi.

Baş gahrymanlardan Mergeniň keşbini Ahmet Amandurdyýew, Almanyň keşbini Altyn Berdiýewa, Medet awçynyň keşbini Söhbet Täçmämmedow, Nazar bagbanyň keşbini Şyhmämmet Mollaýew janlandyry.

Filmde hoşniýetli gatnaşyklar, adamkärçiligiň iň gowy sypatlarynyň biri bolan durmuşyň kynçylykly basgançagynda tas taýyp barýan adama ýagşylyk etmek, ýagşylygyň gözel kalbyň aýnasydygy, edilen ýagşylygy unutmazlyk giňden beýan edilýär.

Medet awçynyň ogly Mergen Bakjaly obasyndan, Nazar bagbanyň gyzy Alma bolsa Almaly obasyndan. Her ýyl bagyndan bol hasyl alýan Nazar aga suwuň paýy hem-de çeşmäniň golaýynda ýaşaýan oba adamlarynyň paýy diýip, ep-esli almany suw bilen akdyryp goýberýär. Nazar aganyň beýle edähedi mundan 22 ýyl öň uzak ýoldan gelýän Nazar bagbanyň tekeri sypan arabasynda oturan gelniniň güýçli akyp duran akar suwa tas gark bolmagy bilen bagly açylyp görkezilýär. Hydyr ata bolup ýetişen Mergen awçy kömege ýetişýär, uly ýagşylyk edýär.

Filmiň dowamynda tolgundyryjy pursatlar az däl. Nazar aganyň dört oglunyň jigileri Almany gowy görüşleri, Bakjaly obasyndan suwa akdyrylan almanyň eýesini idemek üçin ugradylan Aman bilen Eseniň doganlardan «taýak» iýişleri, düşünişmezlik çözüleninden soň Aman, Esen hem-de Mergeniň bu obadaky toýuň arzyly myhmanlary bolandygy tomaşaçylary özüne çekýär.

Filmiň soňunda aşyk-magşuklar biri-birine gowuşýar. Umuman aýdanymyzda, «Gyzyl alma» çeper filmi halkymyz üçin Täze ýyl sowgady boldy. 

 

Baýram ÝAGMYROW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň mugallymy.