logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde "Talyp gözeli-2024" bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi
  01.03.2024
888
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde "Talyp gözeli-2024" bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

Ýaňy ýakynda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp gyzlaryň ukyp başarnyklaryny, türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp dessurlaryny, milli tagamlary açyp görkezmek maksady bilen "Talyp gözeli-2024" bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy.

 

 

Bu bäsleşige uniwersitetiň ähli fakultetlerinden jemi 5 sany talyp gyzlar gatnaşyp,olar 3 şert boýunça özara bäsleşdiler.

 

 

"Talyp gözeli-2024" bäsleşiginiň birinji şertinde talyp gyzlarymyz türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny, olara goýulýan çuň sarpany, özleriniň medeniýete, sungata bolan başarnyklaryny hem-de "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylyna bagyşlap goşgydyr,aydym we sahna eserleri bilen çykyşlaryny ýerine yetirdiler.

 

 

Ýaryşyň ikinji şertinde talyp gözeller Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza peşgeş beren "Bereketli türkmen saçagy" atly kitabyndan ugur alyp, türkmeniň milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

 

 

"Hünärim bar- hormatym bar" üçünji şert boýunça talyp gyzlar ele çeperliligini,ussatlygyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynda orun tapan keşde çekmek sungatyndaky ukyplaryny görkezip ajaýyp keşdeleri çekdiler.

 

 

Bäsleşigiň netijesi ýörite eminler tarapyndan yglan edildi. Netijede, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň Žurnalistika hünariniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa Baş baýraga mynasyp bolup, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Arzygül Atjanowa
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.