logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreler geçiriler
  08.03.2024
821
Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreler geçiriler

Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreler geçiriler. Has dogrusy, 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. 

 

Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda "Türkmeniň ak öýi" binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylar.

 

Sülgün ÖWEZGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.