logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresini «Sport» myhmanhanasynda geçirmek meýileşdirilýär
  22.11.2023
709
Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresini «Sport» myhmanhanasynda geçirmek meýileşdirilýär

Ýakyn günlerde paýtagtymyzda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça Dünýä çempionaty başlanar. Halkara kuraş assosiasiýasynyň ilkinji myhmanlary «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdirilip, olara milli däplerimize görä garşylamak üçin ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy.

 

 

25-nji noýabrda Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresini we beýleki birnäçe çäreleri «Sport» myhmanhanasynda geçirmek meýileşdirilýär.

 

 

Halkara derejesindäki dünýä çempionatyna 50-den gowrak döwletinden türgenleriň 250 golaýy gatnaşar. Ýurdumyzdan wekilçilik edýän türgenleriň 15 sany bolup, olaryň  8 sanysy zenandygy bellärliklidir.

 

 

Ýurdumyzda geçiriljek Kuraş  boýunça XIV dünýä çempionaty türkmen türgenleri üçin jogapkärçilikli ýaryş bolman, eýsem ähli türkmen halkynyň myhmansöýerligini, medeniýetini, sport ulgamynda ýeten derejelerini dünýä ýüzüne äşgär etjek baýramçylykdyr.

 

 

Bu uly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgy ýerleşdirilip, özboluşly bezelen nyşanlardyr bannerler görkezilýär.

 

Juma Jumaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň
II ýyl talyby.