logo

Latest news:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Home / Politics /Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi
  20.02.2026
295
Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylyň “Halkara hukugynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda 2026-njy ýyl üçin göz öňünde tutulan çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen degişli Meýilnama barada giňişleýin maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly çäreleri, ylmy-amaly maslahatlary, bilim taslamalaryny, halkara başlangyçlary hem-de maglumat-aragatnaşyk çärelerini öz içine alýar.

 

Bellenilişi ýaly, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürüldi.

 

Çäreleriň Meýilnamasy bäş esasy ugry öz içine alýar: guramaçylyk taýýarlygy, halkara derejesindäki ylmy-amaly çäreleriň geçirilmegi, bilim we maglumat başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy, halkara we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, şeýle hem ýaşlara we ylmy gözleglere goldaw berilmegi.

 

Halkara hukugynyň dünýä derejesinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň binýady hökmünde pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün edýän möhüm syýasy-hukuk guralydygy giňden açyp görkeziler.

 

Maglumat taýdan üpjünçilik ugrunda DIM-niň resmi web-saýtynda ýörite bölüm döretmek, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin düşündiriş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Maslahatyň netijesinde degişli döwlet edaralarynyň arasynda utgaşykly we işjeň hyzmatdaşlygy üpjün etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

 

Zebo JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.