logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Halkara bäsleşikde türkmenistanly ýaş sazandalar ýeňiji boldular
  30.09.2022
1004
Halkara bäsleşikde türkmenistanly ýaş sazandalar ýeňiji boldular

27 — 30-njy sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde musulman döwletleriniň arasynda yglan edilen nusgawy sazlary ýerine ýetiriji 20 ýaşa çenli ýaş sazandalaryň XI halkara bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzdan hem ýaş zehinli sazandalar gatnaşdy.


Bäsleşigiň şertine laýyklykda, Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly ýaş sazandalaryň 2-si ýagny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýnur Otuzowa (fortepiano) bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Kowus Bäşimow (altist) ýeňiji bolmagy başardy.