logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi
  14.05.2026
306
Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Şeýle hem şol gün utgaşykly görnüşde geçirilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleri jemlenildi.

 

Çärä gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan milli amaly-haşam sungatynyň sergisini synlap, türkmen halkynyň parahatçylyk, dostluk we abadançylyk baradaky garaýyşlaryny şöhlelendirýän döredijilik eserleri bilen tanyşdylar.

 

Maslahatyň dowamynda «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy», «Ykdysady diplomatiýa — durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri» hem-de «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» atly bölümçeleriň netijeleri boýunça çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi.

 

Halkara bäsleşige dünýäniň dokuz döwletinden — Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelen abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlary gatnaşdy. Jemi 160-a golaý zehinli talyp öz bilimlerini synap, degişli test tabşyryklaryny ýerine ýetirdi.

 

Netijede, gatnaşyjylaryň arasynda 18 altyn, 27 kümüş we 45 bürünç medal eýelerine gowşuryldy. Ýeňijilere diplomlar, medallar hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda tabşyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, bu halkara bäsleşigiň ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

 

Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar hormatly Prezidente hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan edip, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin alkyş aýtdylar. Çäräniň medeni bölegi aýdym-saz çykyşlary bilen dowam edip, dürli dillerde ýerine ýetirilen aýdymlarda halklaryň dostlugy, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgeleri wasp edildi.

 

Bu halkara bäsleşigiň üçünji gezek geçirilmegi talyplaryň diplomatik bilimlerini çuňlaşdyrmakda, ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

 

Orazmuhammet ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.