logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçirildi
  24.09.2026
68
Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçirildi

Umumymilli forum ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň agzalary, deputatlar, dürli edaralarda zähmet çekýän hünärmenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Döwletli geňeşde ýetilen sepgitler, öňde duran möhüm wezipeler dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle-de zähmetde tapawutlanan ildeşlerimize hormatly atlaryň dakylmagy,  döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy aýratyn  bellenilmäge mynasypdyr.

 

Ýurdumyzda özgertmeleri geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Şeýle özgertmeler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de ösdürmegi, halk häkimiýetini pugtalandyrmagy, adamyň raýatyň azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramagy üpjün edýär. Galyberse-de, bu ýokary wekilçilikli edara döwletimiziň gülläp ösmegine we raýat jemgyýetiniň kemala tapmagyna uly goşant bolýar.

 

Kanunyň hökmürowanlygy we adam hukuklarynyň ilerledilmegi ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Häzirki wagtda ykdysady gatnaşyklaryň berk hukuk binýady döredilip, ykdysadyýetimiziň döwlet we döwlete dahylsyz pudaklarynda örän möhüm düzümler döredilýär. Munuň özi ildeşlerimize ykdysady garaşsyzlygy, erkinligi hem-de azatlygy bagyşlap, olary täze başlangyçlara iterýär.

 

Häzirki döwürde şöhratly ata-babalarymyzyň milli halk häkimiýetlilik ýörelgeleri mynasyp alnyp barylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Aşgabatda geçirilen umumymilli forum halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda emele getiren demokratik gymmatlyklara ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň subut etdi.

 

Ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty ýöretmegi hem-de döredijilikli başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde, tutuş dünýäde öz raýatlarynyň bagtyýar durmuşyny we durnukly ösüşini üpjün edýän, geljege ynamly barýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şunda, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň bitirýän ägirt uly işlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

 

Aýlar ANNAREJEPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.