logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /«Gyzyl kürte» çeper filmi Täjigistanyň halkara kinofestiwalynda görkezildi
  19.10.2023
655
«Gyzyl kürte» çeper filmi Täjigistanyň halkara kinofestiwalynda görkezildi

   Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän «Toji Somon» halkara kinofestiwalyna gatnaşýar. Bu halkara festiwalyň tomaşaçylaryna Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» çeper filmi görkezildi. Bu film täjik kino muşdaklarynda gyzykly täsir galdyrdy we festiwalyň çäklerindäki bäsleşige hödürlendi.

 

    «Gyzyl kürte» filmi Ýer ýüzüniň kino muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolmagy başardy, ol dünýäniň birnäçe künjeginde Medeniýet günlerinde, film festiwallarynda görkezildi. Şeýle-de film Merkezi Aziýanyň Kinematografiýa sungat akademiýasy bolan «Ak Ilbirs», «Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. 2022-nji ýylda «Gorkut ata» türk dünýäsiniň halkara kinofestiwalynda görkezildi.

 

   Öwezmyrat Ýerbendi we Atamyrat Şagulyýewiň ýazan edebi eseri esasynda surata düşürilen “Gyzyl kürte” çeper filmi şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda Ýeňiş baýramy bellenilen günlerinde tomaşaçylara hödürlendi.

 

    Täjigistanda ilkinji gezek geçirilýän halkara kinofestiwala Türkmenistandan, Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdan filmleriniň 25-den gowragy gatnaşdyrylýar. Bu kinofestiwalyň ýeňijilerine iň gowy çeper film üçin Gran-Pri baýragy goýuldy. Şeýle hem «Iň gowy režissýor», «Iň gowy operator», «Iň gowy erkek keşp», «Iň gowy zenan keşp», «Iň gowy gysga metražly çeper film», eminleriň ýörite baýragy, kino muşdaklarynyň baýragy, «Kinematografiýanyň ösüşine goşan goşandy üçin» ýaly baýraklar gowşurylar.

 

Altymyrat Gurbannepesow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
I ýyl talyby.