logo

Latest news:
✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦
Home / Society /Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy
  19.05.2026
12
Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli we dini baýramlaryny uly ruhubelentlik, agzybirlik hem-de buýsanç bilen belleýär. Şeýle mukaddes baýramlaryň biri hem Gurbanlyk baýramydyr. Bu baýram ynsanperwerligiň, ýagşylygyň, birek-birege hormat goýmagyň beýik nusgasydyr.

 

Her ýyl giňden bellenilýän Gurbanlyk baýramy halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Baýram günlerinde il içinde hoşniýetlilik, sahawatlylyk, agzybirlik we ynsanperwerlik ýörelgeleri has-da dabaralanýar. Adamlar biri-birini baýram bilen gutlap, ýagşy dilegler edýärler, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, sadaka berýärler, mätäçlere kömek edýärler.

 

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli däp-dessurlarynda Gurbanlyk baýramynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu baýram diňe bir dini çäre bolman, eýsem, adamlaryň ýüreklerini ýagşylyk bilen doldurýan, jemgyýetde dost-doganlygy we jebisligi pugtalandyrýan ruhy baýramdyr. Baýram günlerinde ýaşululara hormat goýulýar, maşgala agzalary bir saçagyň başyna jemlenip, Watanyň abadançylygy, halkyň asudalygy üçin doga-dilegler edilýär.

 

Gurbanlyk baýramy ynsanlaryň kalbynda rehimdarlyk, sabyrlylyk, päk niýetlilik ýaly belent häsiýetleri terbiýeleýär. Döwlet derejesinde bellenilýän Gurbanlyk baýramy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ynanç-ygtykat azatlygynyň hem-de ata-baba däplerimiziň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sadaka çäreleri geçirilýär, ýagşy dilegler edilýär, halkymyzyň ruhy bitewüligi has-da berkidilýär.

 

Gurbanlyk baýramy parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we dostlugyň baýramydyr. Bu mukaddes günler adamlaryň kalbynda ýagşy umytlary oýarýar, jemgyýetimizde agzybirligi, birek-birege hormat goýmagy we ruhy arassalygy dabaralandyrýar. Gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýän türkmen halky Gurbanlyk baýramyny uly şatlyk bilen garşy alyp, onuň ruhy gymmatlyklaryny ýaş nesillere geçirýär. Şeýle mukaddes baýramlar halkymyzyň milli bitewüligini, ruhy baýlygyny we bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrýar.

 

Gülaýym BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.