logo

Soňky täzelikler:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Baş sahypa / Syýasat /Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşar
  10.11.2022
1019
Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitine gatnaşar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitine Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň Türkiýäniň Prezidentleri hem gatnaşar.

Sammit «Türki medeniýeti üçin täze döwür: bilelikdäki galkynyşa we ösüşe tarap» diýen şygar bilen geçiriler. Onda birnäçe möhüm meseleleri we ykdysadyýet, söwda, ulag we gümrük ugurlary boýunça şeýle-de birnäçe taslamalar bilen bagly ylalaşyklar we resminamalar kabul ediler.