logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen bardy
  02.11.2022
725
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen bardy

1-nji noýabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen bardy.

Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Kabul edişlikler zalynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdylar. Soňra türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirilýär. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam eder.