Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Günsaýyn özgerýän ýurdumyzyň kuwwatly pudagy
  23.05.2023
729
Günsaýyn özgerýän ýurdumyzyň kuwwatly pudagy

Bagtyýar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň beýik işlerinden rowaçlanýan oba hojalyk pudagy bu gün ösüşiň täze derejesine çykýar. Ýurdumyzda gallaçylyk, pagtaçylyk bilen birlikde, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümdarçylyk, bakjaçylyk, balaryçylyk we oba hojalygynyň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurlygyndan ugur alnyp, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän hem-de şunuň esasynda ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini çykarýan döwrebap obasenagat kärhanalaryny döretmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilýän döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýedir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamy möhüm roly oýnaýar. Hususy ulgamyň oba hojalygyndaky eýeleýän paýy ep-esli artdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary gurlup, bu ugurdaky işler giň gerimde dowam etdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ýylyň islendik paslynda azyk önümler bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny doly üpjün etmek obasenagat toplumyny ösdürmegiň ýyladyşhana ugrunyň esasy wezipeleriniň biridir. Döwletimiz bu ugry goldamak bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ekerançylygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyrylýar. Hemişelik işleýän ýyladyşhana hojalygy ýylyň tutuş dowamynda uly girdeji almaga mümkinçilik berýär. Toplumda geljegi uly bolan bu pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan görnüşleri ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen eksportunyň gymmatly bölegi hökmünde çykyş etmek bilen, muny pudagyň gazanýan ýokary netijeleri ähli aýdyňlygy bilen subut edýär. Iri oba hojalyk tehnikalaryny öndürijiler, pagtaçylar hem-de gaýtadan işleýän kärhanalar üçin ýöriteleşdirilen enjamlary öndürijiler, ösümlikleri zyýan berijilerden goraýan himiýa serişdeleriniň, şeýle hem dökünleriň we biogoşundylaryň dürli görnüşlerini ýeterlik derejede üpjün etmek bol hasylyň kepilidir. Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň ösmegi köp babatda ýer we suw serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyna bagly bolýar. Biziň ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk dürli gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde uly tejribe toplanyldy, suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy usullary we tygşytlaýjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Çünki suw hojalyk taslamalaryny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler netijesinde oba hojalyk ekinleriniň önümçiligi öz netijeliligini görkezip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Umuman, Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň, oňa täzeçil usullaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna oňyn netijeleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar. 

 

Sultan RAHMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.