logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Culture /Güller gözelligi senden öwrener
  07.03.2021
734
Güller gözelligi senden öwrener

     “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynyň şanly seneleri, taryhy wakalary häzirki wagtda ýurdymyzda giň gerime eýe bolýar. Her bir geçirilýän medeni çäreler aýratyn bir many-mazmuna beslenýär. Ýylymyzyň başy toýdur-baýramlara beslenip geldi.  Halkara derejesinde bellenilip geçilýän 8-nji mart baýramçylygy biziň ýurdymyzda has-da dabaralanýar. Çünki eneler biziň durmuş-ýaşaýşymyzyň gönezligi hasaplanýar. Eneler zemin gözelligini, eneler zenan gözelligini döredýän ynsanlar! Biz eneleriň mähri bilen dünýä iýnip, ene söýgüsi bilen kemala gelýäris. Eneleriň, zenanlaryň mertebesiniň belent tutulýan ýurdy bolan Türkmenistan diýarymyzda enelere hormat bar, sylag bar. Ynha şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komiteti, şeýle-de Ahal welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň kümüş saçly enelerimize, zenanlara pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu geçirilen aýdym-sazly medeni çärä welaýatymyzyň durmuş ykdysady pudaklarynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz bilen bilelikde ak gyňaçly enelerimiz gatnaşdylar. Ak bugdaý etrap medeniýet öýüniň aýdymçydyr-sazandalarynyň eden çykyşlary dabara gatnaşyjy zenanlara ruhy lezzet paýlady. Soňra Hormatly Prezidentimiziň pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Görki güle çalymdaş zenanlarymyz bilen bilelikde ak gyňaçly enelerimiz Hormatly Prezidentimize özleri baradaky edýän aladalary üçin özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.